Turkmenportal logo
Şu gün 12:23
154154
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabat şäheriniň 137-nji orta mekdebinde mekdebiň 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda "Brain Ring" intellektual bäsleşigi geçirildi

Häzirki wagtda ýurdumyzda her bir günümiz şanly wakalara we uly üstünliklere beslenýär.  Paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň 137-nji orta mekdebinde okuwçylaryň bilim derejesini ýokarlandyrmak, olaryň dünýägaraýşyny giňeltmek we çalt pikirlenmek ukybyny ösdürmek maksady bilen, mekdebiň iň zehinli uçurymlary: 12-nji synplaryň arasynda gyzykly hem-de çekeleşikli "Brain Ring" intellektual bäsleşigi geçirildi. Bäsleşik ýaşlaryň bilim derejesini, çalt pikirlenmek ukybyny barlamak maksady bilen guraldy. Çäräniň açylyş dabarasynda bellenilip geçilişi ýaly, bu bäsleşik ýaşlaryň diňe bir dünýä ylymlaryna bolan gyzyklanmasyny däl, eýsem milli mirasymyza, bedew bady bilen öňe barýan ata Watanymyza bolan buýsanjyny artdyrmagy maksat edinýär.

Bäsleşige mekdebiň 12-nji synp okuwçylary gatnaşyp, olar dürli ugurlar boýunça öz bilimlerini synadylar.

Bäsleşik dört tapgyrdan ybarat bolup, soraglar şu temalary öz içine aldy:

  • Milli miras we bedew sungaty: Türkmen atçylyk sungatynyň taryhy we Garaşsyzlyk ýyllaryndaky ösüşi.

  • Ylym we tehnologiýa: Sanly bilimiň we täze tehnologiýalaryň mekdep durmuşyndaky orny.

  • Şahyryň pähim-paýhasy: Magtymguly Pyragynyň we beýleki nusgawy edebiýatymyzyň eserleri.

  • Logika we tizlik: Okuwçylaryň çalt we dogry çözgüt tapmak ukyby.

Bäsleşik diýseň çekeleşikli ýagdaýda geçdi. Her bir tapgyrda okuwçylar diňe bir bilimlerini däl, eýsem toparlaýyn agzybirlikde işlemegi we gysga wagtyň içinde dogry karar bermegi başardylar şeýle hem toparlarynyň arasynda geçen çekeleşikli bäsleşigiň dowamynda okuwçylar özleriniň diňe bir okuw kitaplary bilen çäklenmän, eýsem gazet-žurnallary, taryhy çeşmeleri hem yzygiderli okaýandyklaryny subut etdiler.

Özleriniň ýiti zehini, agzybirligi we çuňňur bilimleri bilen saýlanmagy başaran 12-nji "A" synpynyň okuwçylary bäsleşigiň doly hukukly ýeňijileri boldular.

Bu synpyň adyndan çykyş eden:

  • Taňryberdiýew Berdinazar,

  • Annagulyýewa Altyntäç,

  • Hoşgeldiýewa Orazdursun,

  • Sapargeldiýewa Ogulnyýaz,

  • Rejepow Begmyrat,

  • Ataýewa Näzli,

dagylar berlen soraglara takyk we dürs jogap berip, "Brain Ring" bäsleşiginiň  hormat hatlaryna we ýadygärlik sowgatlaryna mynasyp boldular. Tomaşaçy hökmünde gatnaşan okuwçylar we ene-atalar bäsleşigiň guralyşyna ýokary baha berdiler.

Bäsleşigiň guraýjylarynyň bellemegine görä, 12-nji synp okuwçylarynyň görkezen bu netijesi beýleki kiçi synplar üçin uly görelde mekdebidir. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» " ýylynda ýetilen bu sepgit, ýaşlaryň geljekde saýlap aljak hünärlerinde hem uly üstünlikleriň başlangyjy bolar.

Bu çäräniň esasy maksady Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesillere döwrebap bilim bermek, olary ylym-bilim ýolunda täze belentliklere ruhlandyrmak baradaky alyp barýan syýasatyny durmuşa geçirmekden ybaratdyr. Bu çäre okuwçylaryň hakyky ylym we döredijilik baýramyna öwrüldi.

Aşgabat şäheriniň 137-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy Şasoltan Saparowa