2021-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň maslahatynda 2012-nji ýylyň 20-nji iýunynda Rio-de-Žaneýroda kabul edilen «Bütindünýä «Ýaşyl ösüş» institutynyny döretmek baradaky ylalaşyga goşulmak barada» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy tassyklandy. Ylalaşyk Bütindünýä «Ýaşyl ösüş» institutynyň («GGGI») döredilmeginiň esasy maksadyny, ykdysady ösüşi we daşky gurşawyň durnuklylygynyň deňagramly ösüşine garaýan täze ykdysady nusgasyny goldap, ýaýratmak arkaly, ösüp barýan ýurtlaryň durnukly ösüşine goşant goşmak hökmünde kesgitledi.
Bütindünýä «Ýaşyl ösüş» instituty, merkezi Seulda ýerleşýän hökümetara guramadyr. Assambleýanyň başlygy we «GGGI»-niň Geňeşiniň başlygy BMG-niň öňki Baş sekretary Pan Gi Mundyr. Häzirki wagtda «GGGI» dünýäniň 30-dan gowrak ýurdunda 54 taslamany durmuşa geçirýär. Olar howanyň üýtgeýän häzirki şertlerinde «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek arkaly ösüp barýan we bazar ykdysadyýeti täzeden emele gelýän ýurtlarda zerur şertleri öz içine alýan ykdysadyýetde yzygiderli ösüşi höweslendirmäge gönükdirilendir.
«GGGI» ösýän ýurtlara, howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde goldaw bermek we donorlar bilen bilelikde taslamalar üçin zerur bolan maliýe çeşmelerini peýdalanmakda Koreýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk Guramasy, BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasy tarapyndan döredilen Ýaşyl howa gaznasy bilen hyzmatdaşlyk edýär. Meselem, Koreýa Halkara Hyzmatdaşlyk Guramasynyň maliýe serişdeleriniň hasabyna Aral deňziniň sebitini «ýaşyl» ösdürmek, Aral deňziniň döreden çökgünliginiň netijelerini ýeňip geçmek we tebigy betbagtçylyga çydamly durmuşy goldamak üçin zerur çäreleri kesgitlemek boýunça Özbegistan bilen Bütindünýä «Ýaşyl ösüş» institutynyň bilelikdäki taslamasy durmuşa geçirilýär. «GGGI»-niň Merkezi Aziýada ilkinji edarasynyň Daşkentde açylmagy meýilleşdirilýär.