Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Gazagystanyň kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyny artdyrýar

17:4312.11.2021
0
11162

Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Batyr Rejebow dostlukly ýurduň logistika bilen meşgullanýan öňdebaryjy kompaniýanylarynyň wekilleri bilen duşuşyp, olar bilen ulag we logistika pudagynda ýurtlaryň arasyndaky işjeň hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynda habar berilýär.

Duşuşyga «Astyk Trans» paýdarlar jemgyýetiniň başlygynyň orunbasary, ÇJ «Iskomtrans» jemgyýeti, «Semurg inwest» kompaniýasynyň (Kuryk porty) direktory, «KTZ Express» paýdarlar jemgyýetiniň demir ýol ulaglary bölüminiň baş müdiri, Gazagystan Respublikasynyň Söwda we integrasiýa ministrliginiň söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk merkezleriniň infrastruktura döretmek, ösdürmek we dolandyrmak boýunça taslama edarasynyň, ÇJ «Ilkinji multimodal» we ÇJ «TransLogistiks Grup» kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdy.

Türkmenistanyň diplomaty duşuşyga gatnaşyjylara ýurduň ulag-logistika pudagynda gazanylan soňky üstünlikler, şeýle-de Türkmenistanyň üsti bilen daşalýan ýükleriň tizligini we möçberini artdyrmak maksady bilen gurulýan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň işe girizilendigi barada gürrüň berdi. Duşuşyga gatnaşanlar, Türkmenbaşynyň halkara deňiz portunyň, «Türkmenawtoulaglary», «Türkmendemirýollary» we «Türkmenhowaýollary» agentlikleriniň mümkinçilikleri bilen hem tanyşdyryldy.

Gazagystanyň logistika kompaniýalarynyň wekilleri hem üstaşyr ýükler barada maglumat alyşmak pudagynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi teklip we ýurdumyzyň kärdeşleri bilen hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny mälim etdiler. Şeýle hem, duşuşyga gatnaşanlar iň täze tehnologiýalar bilen işläp biljek, ýokary derejeli logistika hyzmatlaryny üpjün edip biljek kämil logistika hünärmenlerini taýýarlamagyň zerurlygyny nygtadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň