Top.Mail.Ru

Türkmenbaşy şäherinde Ýokanç keseller hassahanasy açyldy

23:3510.11.2021
0
11226

Şu gün Türkmenbaşy şäherinde ýokanç keseller hassahanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Türkmenistanyň Minsitrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Saglygy goraýyş ulgamynyň täze desgasynyň açylyş dabarasyna sanly ulgam arkaly Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit edarasynyň direktory, doktor Hans Klýuge goşuldy, ol ýygnananlary şu günki şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlady. H.Klýuge lukmançylyk merkezleriniň jemgyýetiň möhüm bölegi bolup durýandygyny hem-de abadançylygy, howpsuzlygy, Türkmenistanyň lukmançylyk düzümleriniň ygtybarlylygyny we işjeňligini alamatlandyrýandygyny nygtap, bu hassahananyň ýokanç kesellere garşy göreşde aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.

Täze hassahana halkara ölçeglere laýyklykda guruldy hem-de üpjün edildi. Onuň düzümine kabul ediş, barlaghana, funksional-anyklaýyş, reanimasiýa we dogrum, operasiýa otagy, fizioterapiýa, dispanser-gözegçilik, wirusly gepatit keseli, ýokary dem alyş ýollarynyň ýokanç keselleri, içege ýokanç keselleri, aýratyn howply, howa we damja arkaly geçýän ýokanç keseller, dowamly ýokanç keselleri bejeriş bölümleri girýär.

Hassahana dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň, hususan-da, Germaniýanyň, Şwesiýanyň, Italiýanyň, Fransiýanyň, Ýaponiýanyň, ABŞ-nyň, Koreýa Respublikasynyň, Niderlandlar Patyşalygynyň, Çehiýanyň, Beýik Britaniýanyň we Hytaýyň döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi.

Hassahananyň funksional-anyklaýyş bölümi kompýuter tomografiýasy, ultrases barlagy, rentgen, elektrokardiografiýa, fibroskan, endoskopiýa otaglaryny öz içine alýar.

Ýokanç keseller hassahanasynyň işgärleriniň ygtyýarynda dürli barlaglary geçirmek üçin döwrebap barlaghana enjamlary hem bar. Giň otagly barlaghana bölümi kliniki barlaghana, biohimiýa, bakteriologiýa, molekulýar-genetika we immunologiýa barlaglary otaglaryndan ybarat bolup, olarda ganyň we peşewiň umumy barlaglary, ganyň biohimiýa, immunoferment, serologiýa, parazitologiýa, bakterioskopiýa, molekulýar-genetika, polimeraz zynjyrly reaksiýa (PZR) barlaglary geçirilýär.

Şeýle hem birnäçe ekspres-anyklaýyş barlaglary, ýagny ganyň süýjüligi, gemoglobiniň gandaky derejesi, holesterin, moçewina, bilirubin we onuň fraksiýalary, pH derejesi, udel agramy, peşewde belok, bakteriuriýa, glýukoza, wirusly gepatitiň we beýleki wiruslaryň, keton barlaglary hem-de olaryň hil we mukdar taýdan barlaglary geçirilýär.

Fizioterapiýa bölüminde hassalar üçin möhüm bejeriş işleri geçirilip, bu ýerde dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň täze enjamlary oturdyldy. Zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda, bu ýerde ýokary hilli hirurgiýa kömegini bermek we operasiýalary geçirmek üçin şertler göz öňünde tutuldy.

Şeýlelikde, döwrebap tehnikalar bilen üpjün edilen hassahananyň işgärleri ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny ýerine ýetirip bilerler. Dabaranyň dowamynda hassahana täze gulluk awtoulaglary berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň