Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky “Jahan” döredijilik merkezinde çagalar we ýetginjekler üçin gurnaklar hereket edýär

10:0431.10.2021
1
9901

“Нейтральный Туркменистан” gazetiniň habar bermegine görä, bir ýyl mundan öň açylyp ulanylmaga berlen “Jahan” döredijilik merkezinde çagalar we ýetginjekler üçin köp sanly gurnaklar we döredijilik toparlary hereket edýär.

Bu ýerde eýýäm özboluşly döredijilik toparlaryny jemleýän tans studiýasy, estrada döredijilik bölümleri bar. Döredijilik öýünde şeýle hem dutar, fortepiano we skripka boýunça sapak berilýär, bu ýerde ýetginjekleriň ýene bir bölegi kädini we gutulary, keramikany, matalary şekiller bilen bezeýärler, linograwýura ussatlygyny kämilleşdirýärler.

Döredijik merkezinde iň döwrebap enjamlary bolan ýazgy studiýalary bolup, bu ýerde hatda meşhur aýdymçylar hem öz aýdymlaryny ýazga geçirýärler. Şeýle hem döredijik öýünde milli mirasymyzy dikeltmäge we gorap saklamaga goşant goşýan haly dokamak, el keşdesi, milli däp-dessurlara esaslanýan tikinçilik endiklerini ösdürýän toparlar bar.

Bu bölümlerdäki geçirilýän sapaklar gyzlary öý hojalyk işlerine taýýarlaýar.

Mundan başga-da, tennis, gimnastika, ýoga, fitnes üçin sport bölümleri hereket edýär. Sport zallary we açyk görnüşli 3 sany meýdança basketbol, woleýbol we tennis bilen gyzyklanýanlara niýetlenendir.

“Jahan” döredijilik merkeziniň gurnaklary 5-15 ýaş aralygyndaky çagalar we ýetginjekler üçin tölegsizdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň