Soňky habarlar

Arhiw

Mary welaýatynda bugdaý ekişi tamamlandy

11:0429.10.2021
0
2360

Mary welaýatynyň ekerançylary güýzlük bugdaý ekişini üstünlikli tamamladylar. Welaýat boýunça ekiş geçirilen 170 müň gektar meýdandan 345 müň tonna hasyl almak meýilleşdirilýär.

Ekiş möwsüminde tehnikalaryň uly toplumy peýdalanyldy, öz wagtynda göwnejaý özleşdirilen hem-de dökünler bilen iýmitlendirilen meýdana bugdaýyň ýokary hasyl berýän görnüşleri ekildi, olardan bu sebitiň toprak-howa şertlerinde bol hasyl ýetişdirilýär. Ekişi tamamlan maryly gallaçylara indi jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmek — agrotehniki kadalary hem-de ekinleri ýetişdirmegiň ähli tapgyrlaryna bildirilýän talaplary berk berjaý etmek wezipesi garaşýar.

Häzirki güne çenli ekiş geçirlen meýdanlaryň aglaba böleginde eýýäm gögeriş alyndy hem-de olara ideg etmek işleri ýaýbaňlandyryldy. Ekerançylar ilkinji ösüş suwuny bermäge hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirmäge guramaçylykly girişdiler. Şunda ekin meýdanlaryny haşal otlardan arassalamak işlerine aýratyn üns berilýär.

Welaýatlaryň üçüsinde eýýäm bugdaýyň geljekki hasylynyň binýadyny goýmak boýunça örän möhüm oba hojalyk möwsüminiň ilkinji tapgyry üstünlikli tamamlandy.

Gallaçylaryň tutanýerli zähmetiniň netijeleri, Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagynyň hem-de artdyrylmagynyň, gadymy we baky juwan türkmen topragynyň egsilmez berekediniň ygtybarly kepili bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň