Arhiw

Türkmenistana gülgüne flamingolar topary uçup geldi

11:5926.10.2021
0
7852
Türkmenistana gülgüne flamingolar topary uçup geldi

“Нейтральный Туркменистан” gazetinde bellenilişine görä, oktýabr aýynyň ikinji ýarymynda Balkan welaýatyna gülgüne flamingolar hatar gurap uçup geldiler.

Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen, şeýle-de Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň nyşany hasap edilýän ajaýyp ýelekli guşlar güýz hem gyş möwsüminde hemişeki gyşlaýan ýerlerine dolandylar.

Türkmenistanda we GDA ýurtlarynda flamingonyň bir görnüşi — gyzyl ganatly, gülgüne öwüsýän, başgaça aýdylanda adaty flamingo giňden ýaýrandyr. Olary uçýan mahallary Ýewraziýanyň we Afrikanyň köp sebitinde görmek bolýar. Höwürtgeleýän ýerleri hem şol ýerler bolup, Tengiz, Şalkarteniz we beýleki içerki suw howdanlary bilen Merkezi Gazagystany öz içine alýar.

Howanyň has sowamagy bilen bu guşlar Günorta sebitlere — Eýran, Hindistan, Birleşen Arap Emirlikleri ýaly ýurtlara uçýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň