Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň arhitektura ýadygärlikleri: Il Arslanyň täsin aramgähi

08:1124.10.2021
0
16517

Köneürgençdäki Il Arslanyň aramgähi Türkmenistanyň iň täsin ýerlerinden biridir. “Türkmenistan: Altyn Asyr” internet saýtynyň bellemegine görä, bu ýer binagärlik gurluşy boýunça özboluşly bezege eýe diýlip ykrar edilen we Merkezi Aziýanyň tutuş çäginde beýle täsin taryhy ýadygärlik ýokdur.

Aramgäh on iki taraply prizma we on iki taraply çadyr görnüşindäki gümmezli kub şekilindedir. Bu orta asyrlarda Merkezi Aziýada şeýle binagärlik aýratynlyklary bolan ýeke-täk taryhy ýadygärlikdir. Binanyň beýikligi içki gümmez bilen daşky çadyryň arasyndaky boşlugyň esasynda emeli usulda galdyrylan. Bina diňe çalym edýän görki beren bu täzelik soňlugy bilen Teýmirleňiň we onuň nesilleriniň köp sanly ajaýyp binalarynda hem öz beýanyny tapdy. Mawzoleýiň umumy beýikligi onuň diwarlarynyň boýundan iki esse uludyr.

Mawzoleýiň ýene bir täsin aýratynlygy onuň orta asyr binagärlik usullary arkaly elde ýasalan terrakota relýefidir. Onuň nagyşlary ösümliklerden we geometrik nagyşlardan durýar. Relýefiň ýerleşdiriliş tehnologiýasy aşakdaky ýaly görnüşdedir: Ýerde berk duran kerpiçler palçyk bilen örtülip, üstüne çylşyrymly nagyş relýef görnüşde oýulyp keşplendirilen.

Mawzoleý meşhur horezmşa Il Arslanyň guburynyň üstünde guruldy we öňki Horezmiň paýtagty bolan Ürgençde saklanyp galan iň gadymy binalaryň biri hasap edilýär.

Täç ad-din Il Arslan horezmşa bolup, gelip çykyşy boýunça bekdili taýpasyndandyr. Ol 1156-njy ýyldan 1172-nji ýyla çenli hökümdarlyk etdi. Kakasy horezmşa Alaýeddin Atsyz aradan çykandan soň, Horezmde tagt başyna geçdi.

XII asyryň 60-njy ýyllarynda Il Arslan Dehistany we onuň töweregini Horezmiň emlägine birikdirdi. 1172-nji ýylda horezmşanyň goşunlary Horezme garşy garahytaýlylary üstünlikli basyp ýatyrdy, şondan köp wagt geçmänkä hökümdar aradan çykdy. Onuň hatyrasyna XII asyryň ikinji ýarymynda aramgäh bina edildi.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň