Top.Mail.Ru

Türkmenistanda gant şugunydyryny ýygmaga girişildi

17:3522.10.2021
0
1824

Murgap jülgesiniň ekerançylary oba hojalyk ýylynyň iň soňky hem iň süýji hasylyny — gant şugundyryny ýygnamaga girişdiler. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Şu ýyl şugundyr ekini Mary welaýatynyň 10 etrabynda jemi 14 müň 900 gektar ýerde ekildi. Ýerler ýörite hünärmenler tarapyndan suwuň we topragyň amatlyklary nazarda tutulyp, saýlanyp alyndy. Şugundyrly meýdanyň iň uly bölegi, ýagny 5 müň gektary Garagum etrabyna degişli. Şeýle ekini täze özleşdirip başlan Tagtabazar etrabynyň daýhanlary hem şu ýyl şugundyra 200 gektar ýer bölüp berdiler. Bellemeli ýagdaý, şu möwsümde ýygnalmaly şugundyr hasyly diňe bugdaýdan boşan meýdanlarda ikinji hasyl hökmünde ýetişdirildi.

Ýurdumyzyň günbatar welaýatynyň Serdar, Bereket, Esenguly, Etrek we Magtymguly etraplarynda hem jemi 3 müň gektarda şugundyr hasylyny ýygnamak işine girişildi.

«Maryşeker» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýurdumyzda şugundyry gaýtadan işleýän, şeker we dürli gant önümlerini taýýarlaýan ýeke-täk kärhanadyr. Ulanyljak tehnikalary, ýerlerdäki hasyly kabul ediş nokatlaryny, kärhananyň önümçilik desgalarynydyr enjamlaryny işjeň we ygtybarly ýagdaýa aýny wagtynda getiren bu kärhanada şu möwsümde 200 müň tonnadan gowrak şugundyr hasylyny kabul etmek meýilleşdirilýär.

Balkan welaýatynda gurluşygy dowam edýän şeýle ugurly kärhananyň işe girizilmegi bolsa geljekde şugundyr ekilýän meýdanlary giňeltmäge we saçaklarymyzyň bezegi bolan şekerdir süýji önümleriniň özüne düşýän gymmatyny azaltmaga mümkinçilik berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň