Gurban Berdiýewiň topary UEFA-nyň Konferensiýa ligasynda azerbaýjanly garşydaşyndan asgyn geldi

23:4921.10.2021
0
2099
Gurban Berdiýewiň topary UEFA-nyň Konferensiýa ligasynda azerbaýjanly garşydaşyndan asgyn geldi

Gazagystanyň «Kaýrat» futbol topary Ýewropanyň Konferensiýa ligasynyň üçünji duşuşygynda Bakunyň «Karabahyndan» 1:2 hasabynda asgyn geldi.

Bu utulyşdan soňra «Kaýrat» wekilçilik edýän toparçasynda 3 utuk bilen üçünji orunda galdy. Toparçanyň başyny her biri 7 utukly «Bazel» bilen «Karabah» çekýär.

Türkmenistanly tälimçi Gurban Berdiýewiň şägirtleri «Karabah» bilen 4-nji noýabrda Almaty şäherinde hem duşuşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň