Beýik Britaniýada gozgalmaýan emlägiň bahasy gymmatlady

10:1319.10.2021
0
781

Beýik Britaniýanyň ähli sebitlerinde 2007-nji ýyldan bäri gozgalmaýan emlägiň başlangyç bahasy rekord derejä çykdy, bu baradaky habar “Rightmove” portalynda ýerleşdirildi.

Oktýabr aýynda görkeziji 1,8 göterim artdy, netijede başlangyç nyrh 344,5 müň funt sterlinge golaýlady.

Gozgalmaýan emläge geleşikler üçin salgytlaryň peseldilmeginiň wagtlaýyn togtadylmagyna garamazdan, ýurtda söwdalaşyklaryň artýandygy hasaba alyndy.

Nyrhlar has-da Londonda gymmatlady, bu ýerde gozgalmaýan emläk üçin başlangyç nyrh 1,9 göterim artyp, 650 müň funtdan hem ýokary boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň