Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen telekeçileri «Görk» haryt nyşanly filament lampalaryň önümçiligini ýola goýdular

16:0418.10.2021
0
1409

«Abat şekil» hojalyk jemgyýeti tarapyndan «Görk» haryt nyşanly filament lampalaryň önümçiligi ýola goýuldy.Onuň önümçilik kärhanasy Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde, Gurbansoltan eje şaýolunyň 1-/1-nji jaýynda ýerleşýär. Bu barada «Rysgal» gazetinde habar berilýär.

Täze işe başlan kärhananyň enjamlary Hytaý Halk Respublikasyndan getirildi. Geljek ýylda, ýagny önümçiligi ösdürmegiň ikinji tapgyrynda Ýewropada öndürilen enjamlary hem ornaşdyrmak meýilleşdirilýär. Netijede, önümçilik üçin esasy çig mallaryň agramly bölegi, şol sanda ýörite gurluşly ýagtylyk diodlary bolan filament sapaklary Türkmenistanda hem öndürilip başlanar.

Kärhanada 30-a golaý adam zähmet çekýär. Häzirki wagtda 4 görnüşli filament lampalaryň aýda 100 müň sanysy öndürilýär. Kärhananyň doly kuwwatlylygynda işe başlamagy bilen, her aýda 300 — 400 müň lampa öndüriler.

Filament lampalar ýagtylyk diodly lampalaryň aýratyn görnüşidir. Onuň daşky görnüşi wolframly adaty lampalar ýalydyr, emma olarda wolframa derek ýörite gurluşly ýagtylyk diody bolan filament oturdylýar. Aslynda, «filament» sözi iňlisçeden terjime edilende sapak, süýüm diýmegi aňladýar.

Elektrik energiýasyny adaty lampalardan 10 esse az sarp edýändigi, simapsyzdygy, ýagtylygy 360 gradus ýaýradýandygy, çüýşesiniň adaty diod lampalaryňkydan durulygy, çendenaşa gyzmaýandygy, şeýle-de ulanyş möhletiniň uludygy bu önümiň esasy artykmaçlyklarydyr. Filament lampalar öýleri, söwda merkezlerini, okuw-jemgyýetçilik edaralaryny ýagtylandyrmaga amatlydyr. Olary gipsokarton ýa-da beýleki gyzgynlyga durnuksyz potoloklarda hem ulanyp bolýar.

Filament lampalaryň çüýşesi, köplenç, adaty görnüşde hem-de dury bolýar. Bezeg üçin onuň aýratyn şekil hem-de öwüşgin berlen görnüşleri-de öndürilýär. Häzirki wagtda bu çig maly hem Türkmenistanda öndürmek boýunça işler geçirilýär. Ýörite gurluşyna laýyklykda, ol 50 — 60 gradusdan ýokary gyzmaýar.

Kepillik möhletiniň 1 ýyldygyna garamaz, filament lampalar 20 — 30 müň sagatlap ýagtylyk berýär. Bu lampalary gaýtadan ulanmak mümkinçiliginiň bolmagy esasy aýratynlygydyr, ýagny ulanyş möhleti tamamlanan lampalaryň kondensatoryny çalşyp, ýene-de ulanyp bolýar. Şu günler bu önümlere ISO halkara güwanamalaryny almak boýunça işler alnyp barylýar.

Belläp geçsek, «Abat şekil» hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň gurluşyk bazarynda 2012-nji ýyldan bäri işleýär. Ol, esasan, binagärlik we dizaýn-bezeg taslamalaryny durmuşa geçirmäge ýöriteleşendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň