Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmen-Tranzit» IT kompaniýasy Türkmenbaşydaky şahamçasyna işe çagyrýar

12:3414.10.2021
0
7625

«Türkmen-Tranzit» kompaniýasynyň Türkmenbaşy şäherindäki şahamçasynda iki sany – 1C programma üpjünçiligini dörediji hünäri bilen 1C programma üpjünçiligini durmuşa geçiriji we tehniki hyzmat ediji hünäri boýunça boş iş ornunyň bardygyny habar berdi.

«Türkmen-Tranzit» kompaniýasy IT ulgamynda öňdebaryjy kompaniýalaryň biridir we häzirki wagtda maglumat tehnologiýasy bilen aragatnaşyk pudagynda hyzmatlaryň giň toplumyny hödürleýär.

«Türkmen-Tranzit» kompaniýasynyň iş geriminiň giňelmegi jogapkärçilik, yhlaslylyk, hoşniýetlilik ýaly häsiýetleri bar bolan, aragatnaşyk tehnologiýalryndan başy çykýan tejribeli işgärleriň sanyny köpeltmegiň zerurdygyny görkezdi.

Dalaşgärler wezipeleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi üçin 1C 8.1, 8.2, 8.3 platformalaryny, 1C Buh, ZUP, UT, Bölekleýin konfigurasiýalaryny bilmek hökmanydyr (bölek satuw kompaniýalarynda tejribe höweslendirilýär).

Dalaşgäriň müşderi bilen gatnaşyklary ýola goýmak we olar bilen hyzmatdaşlygyň ähmiýetine düşünmek, haýyşlaryny kanagatlandyryp, meselelerini çözüp bilmek, haýyşlar bermek, şeýle hem ýokary hilli kodlaşdyrmak, başga biriniň koduny seljermek we üýtgetmek ýaly artykmaç ukyplary bolmaly.

Iş berijiniň talaplarynyň arasynda – SQL-i bilmeklik we amaly çözgütler üçin UT, BP, Bölek satuw boýunça sertifikatly bolmaklyk, KKT söwda enjamlaryna, SHK, TSD skanerlerinde we printerlerinde işläp bilmeklik tejribesi esasy şert bolup durýar.

Elbetde, kompaniýanyň ýolbaşçylary işgäriň hünär derejesini ösdürmäge, öwrenmäge we ýokarlandyrmaga taýýardygyna buýsanýarlar.

Gyzyklanýan taraplar elektron poçta arkaly a.balayan@turkmen-tranzit.com salgysyna şahsy maglumatlary bolan häsiýetnamalaryny iberip bilerler. «Türkmen-Tranzit» kompaniýasynyň web sahypasy www.turkmen-tranzit.com.

«Türkmen-Tranzit» kompaniýasy soňky 10 ýylda Türkmenistanyň bazarynda bank pudagy edaralary üçin programma üpjünçiligini ýola goýmak we enjamlaryny sazlamak, kärhanalarda «Bitrix 24» gözegçilik we dolandyryş ulgamyny ornaşdyrmak, býudjet we elektron resminama dolandyryş ulgamlary, serwer platformalaryny we iş stansiýalaryny gurmak, şeýle hem web sahypalaryny, onlaýn dükanlaryny döretmek we tordaky mahabatlary döwrebap derejede ösdürmek ýaly giň gerimli hyzmatlary hödürledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň