Soňky habarlar

Arhiw

Gökdepede 600 baş ata niýetlenen täze athananyň düýbi tutuldy

22:3513.10.2021
0
3749

Şu gün Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 600 baş ahalteke atyny saklamaga niýetlenen döwrebap athananyň düýbüni tutmak dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2-nji oktýabrda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň golaýynda gurulmagy meýilleşdirilýän täze athananyň bina ediljek ýerini kesgitlemek maksady bilen, Köpetdagyň şu künjeginde bolup, degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary beripdi.

Şonda milletiň Lideri görkezilen taslamalar we binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen içgin tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy hem-de degişli düzedişleri girizdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň 8-nji oktýabrda geçirilen giňişleýin mejlisinde gol çeken Kararyna laýyklykda, bu desgany gurmak we ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak “Nur bina gurluşyk” hususy kärhanasyna ynanyldy. “Türkmen atlary” döwlet birleşigi ony buýrujy bolup çykyş edýär. Taslama laýyklykda, athanany gurmaga 15,4 gektar meýdan bölünip berildi. Giň çäklerde desgalaryň birnäçesi, şol sanda dolandyryş binasy ýerleşdiriler. Täze toplumyň wezipesi atçylygy mundan beýläk-de ösdürmekden, arassa ganly bedewleriň sanyny artdyrmakdan, tohum häsiýetlerini gowulandyrmakdan ybaratdyr.

Bedewleriň saglyk ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin hemme zerur enjamlar we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen weterinar desgasy gurlar. Onda dürli bejeriş bölümleri, şol sanda atlary gözden geçirmäge niýetlenen bölümler ýerleşdiriler. Toplumyň hojalyk bölümine her biri höwür atlaryň 60-sy üçin niýetlenen athanalaryň 2-si, mallaryň 80-sine niýetlenen athanalaryň 6-sy, 8 sany bassyrma hem-de birnäçe kömekçi desgalar girer. Athanalarda oňaýly howa ýagdaýy we adaty howa çalşygy saklanar, bedewleri köpeltmek, gezdirmek, türgenleşdirmek hem-de çapyşyklara taýýarlamak, çapyksuwarlaryň we seýisleriň netijeli işlemegi üçin hemme şertler dörediler.

Athanada saklanyljak bedewleri iým bilen üpjün etmek maksady bilen, üsti ýapyk ammaryň we iki açyk ammaryň gurulmagy göz öňünde tutulýar. Taslama laýyklykda, toplumyň durmuş üpjünçiligi inženerçilik-tehniki düzümleri özünde jemleýär. Mundan başga-da, iş tehnikalary we ulag serişdeleri üçin awtoduralgalaryň ikisini, birnäçe tehniki binalary gurmak meýilleşdirilýär. Toplumyň ýanaşyk ýerleri doly abadanlaşdyrylar we bagy-bossanlyga büreler.

Athananyň hem-de beýleki desgalaryň gurluşygy ýurdumyzda öndürilen ýokary hilli, ekologik taýdan howpsuz gurluşyk serişdeleriniň ulanylmagy esasynda amala aşyrylar. Şeýlelikde, bina ediljek döwrebap athana dünýä ylmynyň we tehnikasynyň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylyp, wagtyň geçmegi bilen, onuň atşynaslygyň iň abraýly ylmy-barlag merkezleriniň birine öwrülmegi göz öňünde tutulýar.

...Döwrebap athananyň düýbüni tutmak dabarasy uly baýramçylyga öwrüldi. Dabara welaýat we etrap häkimlikleriniň, obasenagat toplumynyň, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýurdumyzyň atşynaslary, seýisleri, çapyksuwarlary, ahalteke bedewlerine sarpa goýýan köp sanly adamlar, ýaşlar gatnaşdylar.

Täze gurluşygyň düýbüniň tutuljak meýdançasynda medeniýet we sungat ussatlarynyň ajaýyp çykyşlary guraldy.

Dabaranyň çäginde ýörite gurnalan meýdançada ahalteke bedewleriniň görkezilişi geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň