Arhiw

ÝUNISEF Türkmenistana 200,000 dollarlyk lukmançylyk örtükleri iberdi

20:1508.10.2021
0
7133
ÝUNISEF Türkmenistana 200,000 dollarlyk lukmançylyk örtükleri iberdi

ÝUNISEF-niň Türkmenistanyň Ýiti ýokanç kesellere taýýarlyk we jogap meýilnamasyny durmuşa geçirmegä berýän goldawynyň çäginde 618,250 lukmançylyk agzy-burun örtügi ​​Türkmenistana gelip gowuşdy. ABŞ-nyň 200,000 dollary möçberinde bolan hirurgiki agyz-burun örtükleri Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň lukmançylyk merkezlerine paýlamak üçin berildi.

Pandemiýa döwründe ÝUNISEF zerur bolan lukmançylyk enjamlaryny, arassaçylyk serişdelerini satyn almak we gowşurmak ugrunda Türkmenistana yzygiderli goldaw berýär. Şonuň çäklerinde häzirki döwre çenli çagalar we ulular üçin kislarod konsentratorlary, gan basyş manitorlaryny, suwuk sabynlary we el tämizleýjiler ýaly zerur bolan ençeme lukmançylyk serişdeleridir enjamlary bar.

– ÝUNISEF lukmançylyk edaralaryna zerur bolan enjamlaryň ählisi bilen üpjün etmek üçin Hökümet bilen ýakyndan işleşýär. Pandemiýa döwründe saglygy goraýyş işgärleriniň ýokary derejede goralmagyny üpjün etmek möhümdir – diýip, ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekiliniň wezipesini ýerine ýetiriji Aleksandru Nartea belleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň