«Bir Kuwwat» bilen «Uzagrotrade» arasynda täze Ähtnama gol çekildi

11:2008.10.2021
0
6261

Türkmenistanyň ulag-logistika ugry boýunça milli hususy kärhanasy bolan «Bir Kuwwat» Özbegistanyň «Uzagrotrade» kompaniýasy bilen söwda we ulag-logistika ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada Ähtnama gol çekdiler.

«Bir Kuwwat» bilen «Uzagrotrade» kompaniýalarynyň Ähtnama gol çekmek dabarasy Türkmenistan Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 4-5-nji oktýabrynda Özbegistan Respublikasyna bolan resmi saparyndan soň bolup geçdi.

Täze gol çekilen Ähtnamanyň maksady, söwda we ulag-logistika pudagy boýunça taraplaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmeklikden we güýçlendirmeklikden, şeýle hem iki döwletiň çäginde ulanmak üçin ygtybarly logistika toplumlaryny döretmeklikden ybaratdyr.

Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmaklyk, özara maglumat alyşmaklyk, bilelikdäki taslamalara gatnaşmaklyk, medeni we ynsanperwer ugurlar boýunça türkmen-özbek gatnaşyklaryny berkitmeklik, ulag-logistika we söwda pudagynda alnyp barylýan işleriň gerimini giňeltmeklik barada ylalaşdylar

Bu Ähtnama, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda sebitleýin ykdysady integrasiýa, makroykdysady syýasat, söwda, gümrük düzgünleşdirmesi, maýa goýum syýasaty we işewürlik, ulag-logistika, oba hojalygy we özara gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlar babatda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin niýetlenilendir.

Şeýle hem kompaniýalar ikitaraplaýyn söwdany artdyrmaklyk, kärhanalar bilen kompaniýalaryň arasynda özara peýdaly gatnaşyklary ýola goýmaklyk, himiýa, ýeňil we agyr senagaty pudaklarynda hyzmatdaşlygy giňeltmeklik, şeýle hem göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmeklik we maýa goýum ýagdaýyny gowulaşdyrmaklyk barada ylalaşdylar.

Ýurdumyzyň ulag-logistika ugry boýunça milli hususy kärhanasy bolan «Bir Kuwwat» şereketi Türkmenistanda we daşary ýurtlarda ulaglaryň ähli görnüşleri bilen haryt daşamagy guramak üçin giň hyzmatlary hödürleýär.

«Bir Kuwwat» hususy kärhanasynyň başlangyjy bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portundan Aktau (Gazagystan) portuna çenli, soňra bolsa demir ýoly arkaly Horgos (HHR) serhet stansiýasyndan Hytaý Halk Respublikasynyň uly port stansiýalaryna çenli bolan ulag ýollary özleşdirildi.

«Uzagrotrade» kompaniýasy Özbegistanda gök önümleri we miweleri ösdürip ýetişdirmeklikde we lomaý satmaklykda, şeýle hem oba, himiýa we ýeňil senagat önümlerini saklamaklyk we daşamaklyk üçin gaplar öndürmeklikde ýöriteleşdirilen bir kompaniýadyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň