Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda täze awtobus gatnawy ýola goýuldy

17:3007.10.2021
0
22093

“Türkmenawtolaglary” agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy ilatymyzyň awtomobil gatnamalaryna bolan isleglerini talabalaýyk kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, 2021-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan 114-nji “Teke bazar – Türkmen döwlet medeniýet instituty” täze açylan ugur boýunça gatnaýan awtobusy siziň dykgatyňyza ýetirýär.

114-nji “Teke bazar – Türkmen döwlet medeniýet instituty” ugur boýunça awtobus “Teke bazar” belleniş nokadyndan ugraýar – M.Kaşgary köçe –D.Azady köçe – A. Nyýazow şaýoly – Görogly köçe – A.Nowaýy köçe – Galkynyş köçe – Bitarap Türkmenistan şaýoly – 10 ýyl Abadançylyk köçe – Atatürk köçe bilen hereket edip, “Türkmen döwlet medeniýet instituty” barýar hem-de yzyna 10 ýyl Abadançylyk köçe – Bitarap Türkmenistan şaýoly – Galkynyş köçe – A.Nowaýy köçe – D.Azady köçe – A.Gowşudow köçesi bilen hereket edip, “Teke bazar” belleniş nokadyna gelýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler : 44-33-90, 44-33-91

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň