Soňky habarlar

Arhiw

DIM-leriniň arasynda türkmen-rumyn geňeşmeleri geçirildi

23:1205.10.2021
0
4496

5-nji oktýabrda sanly wideoaragatnaşyk görnüşinde Türkmenistanyň hem-de Rumyniýanyň DIM-niň degişli departamentleriniň ýolbaşçylarynyň derejesinde daşary işler ministrlikleriniň arasynda türkmen-rumyn geňeşmeleri geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Rumyn wekiliýetine Rumyniýanyň DIM-niň Ilçisi, baş direktory Dan Ýanku ýolbaşçylyk etdi.

Işjeň maslahatlaşmalaryň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady ulgamlaryndaky, şol sanda bilim pudagyndaky özara hereketleriň derwaýys meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşdyldy.

Taraplar «Hazar deňzi – Gara deňzi» Halkara ulag geçelgeleri babatynda öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine aýratyn üns berdiler, çünki bu ugurda ýurtlaryň ähmiýetli mümkinçilikleri bardyr.

Ikitaraplaýyn söwda dolanşygynyň işjeňleşdirilmegi, hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň has-da giňeldilmegi nobatdaky geňeşmeleriň derwaýys ugurlaryny düzdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň