Türkmenistanyň Prezident Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 4-nji oktýabrda geçirilen mejlisiniň barşynda Begmurat Rahmangulyýewiç Muhamedowy başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň adalat ministri wezipesinden boşatdy we ony Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ygtyýaryna iberdi.
Begmurat Muhamedow 2013-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň adalat ministri wezipesinde işledi. Geçen hepde Türkmenistanyň Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli oňa ýustisiýanyň 3-nji derejeli döwlet geňeşçisi hünär derejesini berildi. Şeýle hem ol «Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglandy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, adalat ministri wezipesine Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygy Merettagan Gurbandurdyýewiç Taganow bellenildi. M.Taganow şu ýylyň aprel aýyna çenli adalat ministriniň orunbasary bolup işläpdi.
Ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Batyr Orazmuhammedowiç Myradow başga işe geçmegi sebäpli, Balkan welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesinden boşadylyp, ol Türkmenistanyň adalat ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi.