Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti «Garagum» myhmanhanasynyň gurluşygy bilen tanyşdy

10:0504.10.2021
0
6287

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer Ç.Purçekowyň haýyşy boýunça paýtagtymyzda gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan “Garagum” myhmanhanasynda ýerine ýetirilýän işler bilen tanyşdy.

Milletiň Lideri, ilki bilen, “Garagum” myhmanhanasynyň ýanynda gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýan “Watançy” seýilgähinde ýerine ýetirilýän gurluşyk we abadanlaşdyryş işleri bilen tanyşdy. Häzirki wagtda täze seýilgähiň çäklerinde dürli bag nahallary oturdylypdyr. Şeýle hem bu ýerde welosiped sürmegi halaýanlar üçin ýöriteleşdirilen ýoda çekilipdir. Munuň özi sportuň ekologik görnüşi hasaplanylýan welosiped sportunyň ösdürilmeginde we onuň halkymyzyň durmuşyna mäkäm ornaşmagynda aýratyn ähmiýetlidir.

Döwlet Baştutany seýilgähiň gurluşyk işleriniň barşyny synlady. Seýilgähiň taslamasyna laýyklykda, meýilleşdirilen ähli işler, şol sanda suw çüwdürimleri, bagy-bossanlyklar, ýanýodalar we beýlekiler seýilgäh zolagyny döretmegiň iň häzirki zaman ýörelgelerine laýyklykda ýerine ýetirilýär.

Soňra milletiň Lideri gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyrlarda alnyp barylýan kaşaň “Garagum” myhmanhanasynyň ýanyna geldi.

Döwlet Baştutany bu ýerde ýerine ýetirilýän işleri synlap, ilkinji nobatda, binanyň daşky bezeglerine aýratyn üns bermegi berk talap etdi. Onda milli bezeg aýratynlyklary bilen häzirki zaman şähergurluşygynyň öňdebaryjy meýilleri sazlaşykly utgaşmalydyr diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.

6,9 gektar meýdanda ýerleşýän 9 gatly myhmanhanada iň amatly şertler dörediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň