Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow Söwdany maliýeleşdirmek boýunça ITFC-den karz çekmäge we Çarçuwaly ylalaşygy baglaşmaga rugsat berdi

23:2201.10.2021
0
9046

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow Hökümetiň şu gün geçirilen mejlisinde milletiň Liderine Söwdany maliýeleşdirmek boýunça Halkara Yslam Korporasiýasyndan (ITFC) karz çekmäge we Çarçuwaly ylalaşygy baglaşmaga rugsat almak barada haýyş bilen ýüzlendi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, abraýly maliýe guramalary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi. Milletiň Lideri Yslam ösüş bankynyň hem-de onuň toparyna girýän düzümleriň ýurdumyzyň möhüm hyzmatdaşlarydygyny aýtdy.

Döwlet Baştutany Yslam ösüş bankynyň iri halkara taslamasynyň — Demirgazyk — Günorta ulag-kommunikasiýa ulgamyny gurmak baradaky taslamanyň hem-de ýurdumyzyň ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak, şol sanda telemehanika we aragatnaşyk ulgamlaryny döretmek, Aşgabat — Garagum — Daşoguz demir ýolunyň energiýa üpjünçiligi ýaly taslamalaryň maýadarlarynyň biridigini kanagatlanma bilen belledi. Yslam ösüş banky we onuň düzümleýin edaralary bilen gol çekilen karz ylalaşyklarynyň toplumy hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýediginiň aýdyň subutnamasydyr.

Döwlet Baştutany ýurdumyzda durmuşa geçirilýän taslamalar üçin Söwdany maliýeleşdirmek boýunça Halkara Yslam Korporasiýasyndan karz çekmek we Çarçuwaly ylalaşygy baglaşmak barada hödürlenen teklibi makullap, bu ädimiň maýa goýum syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň mysaly bolmak bilen, milli ykdysadyýeti mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere anyk tabşyryklar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň