Hünärmenler iň erbet parollary anykladylar

15:2229.09.2021
0
5747

“Securitylab” çeşmesiniň hünärmenleri, tora giren maglumatlar bazalaryndan ulanyjy parollaryny seljerip, hasaby goramak üçin ulanylýan 2021-nji ýylyň iň erbet parollarynyň reýtingini çap etdiler.

"Anti-reýting" sanawynda iň pes howpsuzlyk talaplaryna-da laýyk gelmeýän parollar bar. Syzdyrmalaryň maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylyň güýzünden şu güne çenli ulanyjylar köplenç ýönekeý «password» parolyny makul bilýärler.

Şu parol 4,6 million gezekden kän ulanylypdyr. Ondan soň "123456" we "12345678" ýaly ýönekeý san kombinasiýalaryndan ybarat parollar bar. Onsoň müňlerçe ulanyjy “bigbasket” we “junkboat” ýaly parollary ulandy. Mundan başga-da, maglumat howpsuzlygy çeşmesiniň analitikleri ulanyjylaryň, köplenç, 8 simwolly kombinasiýalary ulanýandygyny, 9 ýa-da has köp simwolyň kombinasiýalarynyň has az döredilýändigini bellediler.

«W3bsit3-dns.com.to»-nyň habar bermegine görä, jemi 41 million töweregi parol derňelip, olaryň diňe ýarysy özboluşly bolup çykdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň