Soňky habarlar

Arhiw

Eýran bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky söwda gatnaşygy ýokary derejä çykdy

10:1129.09.2021
0
8397

Horasan demir ýolunyň baş müdiri Mostafa Nasiri şu ýylyň birinji ýarymynda Sarahsdaky demirýol serhet geçelgesi arkaly Merkezi Aziýa ýurtlaryna 600 müň tonna eksport ýüküniň iberilendigini, olaryň 9500-den gowragynyň ýük wagonlary bilen geçirilendigini aýtdy. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, üç esse köpdür. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" neşiri habar berdi.

Resmi şahsyň sözlerine görä, «Bu eksportyň 92%-i 550 müň tonna haryt eksport edýän Horasan-Razawi welaýatynyň paýyna düşýär».

«36% görkezijili sement Sarahs demirýol geçelgesinden Merkezi Aziýa döwletlerine gidýän eksport harytlarynyň arasynda birinji orunda durýar, degişlilikde 45% we 41% paýy bolan Özbegistandyr, Türkmenistan bolsa demir ýol arkaly haryt eksportynyň esasy ugurlarydyr» diýip, belledi.

Nasiriniň görkezişi ýaly, «Demir ýol arkaly ýük daşamagyň ýangyç sarp edilişini azaltmagy, ýol hadysalarynyň sanyny we daşky gurşawyň hapalanyş derejesini peseltmegine öz içine alýan aýratyn artykmaçlyklary saýasynda Horasan demir ýoly önümçiligi artdyrmak üçin, welaýatda we ýurtda eksportçylara demir ýol hyzmatlaryny amala aşyrýar».

1996-njy ýylyň maý aýynda işe girizilen Tejen – Sarahs – Maşat demir ýolunyň Türkmenistana we beýleki Merkezi Aziýa döwletlerine ýük daşamakda EYR-yň ulag pudagynyň möhüm bölegine öwrülýändigini ýatlatmalydyrys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň