Şazada Çarlz howanyň üýtgemeginiň meseleleri barada teleýaýlym açdy

12:3228.09.2021
0
905

Beýik Britaniýanyň şazadasy Çarlz “Amazon Prime” media-kompaniýasy bilen baglaşylan geleşik boýunça howanyň üýtgemeginiň meseleleri barada RE: TV teleýaýlymyny açdy. Bu barada Daily Mail gazeti habar berdi.

Täze teleýaýlym bütin dünýäde has arassa we durnukly ykdysadyýeti döretmek boýunça taslamalar bilen tanyşdyrar. Teleýaýlymda ekologiýa, daşky gurşaw, dürli innowasiýalar, şol sanda kofeniň öndüirilişi we moda industriýasy hakynda filmler görkeziler.

“Men ömrümiň köp bölegini adamlary we kärhanalary howanyň meselelerini çözmek bilen bagly bilelikdäki tagallalara çagyrmaga bagyşladym. Re:TV teleýaýlymyny açmak arkaly adamlary ekologiýa meselelerini çözmeklige ruhlandyrmak isleýärin” diýip, şazada resmi beýanatynda belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň