«Aşgabat» atly aýdymy üçin Atageldi Garýagdyýewe döwrebap ulag sowgat berildi

23:4526.09.2021
0
2288

Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yglan edilen Aşgabat şäheri baradaky aýdymlaryň bäsleşiginiň ýeňijisi boldy.

Mälim bolşy ýaly, milletiň Lideri «Aşgabat» söwda merkezli ýaşaýyş toplumynyň gurluşygy gidýän pursatlarynda bu ýerde bolup, Aşgabadyň dürli döwürlerde döredijilik işgärleriniň, aýdymçylaryň we kompozitorlaryň täze eserleri döretmäge ruhlandyrandygyny, şeýlelikde, paýtagtymyz hakyndaky birnäçe çeper eserleriň, aýdymlaryň döredilendigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti şu nukdaýnazardan, şäheriň gözel künjekleriniň birinde bina edilýän we birnäçe durmuş maksatly desgalary özünde jemleýän bu toplumyň “Aşgabat” diýlip atlandyrylmagynyň, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň we Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy bilen gabat gelýändigini, onuň giňden baýram edilýändigini belläp, bu şanly sene mynasybetli medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda Aşgabady wasp etmek boýunça bäsleşigiň geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtapdy.

Toplumyň açylyş dabarasynyň çäklerinde milletiň Lideriniň hem-de daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda bäsleşigiň jemleri jemlenildi we sylaglamak dabarasy geçirildi. Döredijilik bäsleşiginiň şertlerine görä, ýaryşyň jemleýji tapgyryna çykan Söwda-dynç alyş merkeziniň dükanlarynyň birinde satuwa goýlan iň gymmat bahaly haryt ýa-da awtomobil görnüşindäki baýraga mynasyp bolýar. Awtosalonda geçirilen bijäniň netijesi boýunça ýeňiji ― Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew döwrebap awtoulaga mynasyp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň