Soňky habarlar

Arhiw

Si Szinpin: «Hytaý Türkmenistan bilen gatnaşyklary täze derejä çykarmaga taýýar»

23:0626.09.2021
0
1003

―Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň we hytaý halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Size hem-de Türkmenistanyň halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy we arzuwlarymy beýan etmek hormatyna eýedirin ― diýlip, Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa ýollan Gutlag hatynda ýazylýar.

«Türkmenistan Garaşsyzlygyna eýe bolan 30 ýylynyň dowamynda ösüşiniň milli nusgasynyň ýoly bilen üstünlikli barýar, ähli ulgamlarda ajaýyp üstünlikleri gazandy we halkara jemgyýetçiliginiň möhüm agzasy boldy. Hytaý dostlukly, ýakyn goňşy we strategik hyzmatdaş hökmünde Siziň ýurduňyzyň üstünliklerine tüýs ýürekden guwanýar.

Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň has-da uly üstünlikleri gazanjakdygyna ynanýaryn.

Şu ýylyň maý aýynda Siziň bilen telefon arkaly üstünlikli gepleşikleri geçirdik hem-de birnäçe möhüm ylalaşyklary gazandyk, bu bolsa hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň mundan beýläkki ösüşiniň ugurlaryny hem-de meýilnamalaryny kesgitledi.

Men hytaý-türkmen strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny täze derejä çykarmak we iki ýurduň hem-de olaryň halklarynyň bähbidine şol hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin Siziň bilen bilelikde umumy tagallalary etmäge taýýardyryn.

Dostlukly Türkmenistana rowaçlyk hem-de beýik ösüşleri, onuň halkyna bolsa bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw edýärin» diýip, HHR-nyň Başlygy öz hatyny jemleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň