Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy penşenbe güni, 2021-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Aşgabat şäherindäki «Ýyldyz» myhmanhanasynyň banketler zalynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Milli Gününiň 91 ýyllygyny belläp geçdi. Bu dabaraly çärä Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Çary Gylyjow, ýokary derejeli jogapkär işgärler, şeýle-de ýurtda akkreditirlenen daşary ýurtlaryň Wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Saud Arabystany Patyşalygynyň Ilçisi Onuň Alyhezreti jenap Said ben Osman Suweýd bu dabaraly çäräni açmak bilen, Saud Arabystanyň halkynyň we ýolbaşçylarynyň her ýyl belleýän bu uly dabarasy mynasybetli çykyş etdi.
23-nji sentýabra Patyşa Abdul-Aziz bin Abdul-Rahman Al Saud Arap ýarymadasynyň çar künjegini birleşdirip Saud Arabystany Patyşalygy döwletini yglan etdi we şunuň bilen ýurtda parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy esaslandyrdy. Onuň Alyhezreti Ilçi eden çykyşynda Saud Arabystanyň öňe gidişlik we gülläp ösuş ugrundaky gazanan üstünliklerini we Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Patyşa Salman ben Abdul-Aziz Al Saudyň we Misardüşer Şazada, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Goranmak Ministri Onuň Patyşalyk Alyjenaby Muhammed bin Salman bin Abdul-Aziz Al Saudyň baştutanlygynda Saud Arabystanyň halkara abraýynyň has ýokary derejä çykandygyny belläp geçdi.
Şeýle hem, Onuň Alyhezreti Ilçi iki dostlukly ýurtlary birleşdirýän Saud–Türkmen doganlyk gatnaşyklarynyň ähli ugurlarda gazanylan ösüşler we olaryň has ýokary derejelere ýetmekleri ugrunda ähmiýetli işleriň alnyp barylýandygy barada belläp geçdi. Çykyşynyň dowamynda jenap Ilçi Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan Hökümetiniň milli we halkara derejelerindäki başlangyçlarynyň halkara parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde möhüm ornunyň bardygyny aýratyn nygtap geçdi.