«Google» şereketi 2,1 milliard dollara täze ofis satyn alar

19:2522.09.2021
0
688

«Google» şereketi Nýu-Ýorkuň Manhetten şäherinde ýerleşýän täze ofis binasyny 2,1 milliard dollara satyn almaga taýynlanýar. «Milli.az» web sahypasynyň habar bermegine görä, bu edara binasy ABŞ-nyň taryhynda iň gymmat korporatiw binalaryň biri bolar.

Bu edara binasyny kompaniýanyň işgärleriniň pandemiýa zerarly öýde işleýän wagtlarynda satyn almaklyk pikiri gyzyklanma bilen garşylandy.

«Google» şereketi öz işgärlerine 2022-nji ýylyň 10-njy ýanwaryna çenli öýde işlemäge rugsat berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň