Soňky habarlar

Arhiw

Gözgamaşdyryjy gözel aýdymçy Haýfa Wagfi Aşgabatda çykyş etdi

03:0622.12.2014
3
26067

Aşgabat, 22-nji dekabr.«Türkmenportal». 

Bütin arap dünýäsinde uly meşhurlykdan peýdalanýan 1976-njy ýylda müsürli zenanyň we liwanlynyň maşgalasynda dünýä inen Haýfa Wagfiniň Aşgabat şäherinde çykyşy boldy.

Sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport toplumynda ol türkmen tomaşaçylary tarapyndan gyzgyn garşylanan ajaýyp aýdymlaryny ýerine ýetirdi.

 Haýran galdyryjy gözelligi, ajaýyp ýylgyryşy we mähirli bakyşy bilen müňlerçe türkmen tomaşaçysynyň ruhuny belende göterdi. Bütin dünýäde nepisligi we owadanlygy bilen hemmeleri özüne çeken deňsiz-taýsyz Haýfanyň çykyşy türkmen tomaşaçysy üçin ajaýyp Täze ýyl sowgady boldy.

Красота и талант Хайфы Вахби стали для нее пропуском в мир признания и популярности.

Сегодня Хайфа не только известная певица, но и модель, и дизайнер, и актриса. Выступление восточной красавицы в Ашхабаде сопровождалось бурными аплодисментами туркменской публики. Судя по тому, что зал вместе с ней пел ее популярные песни которые принесли ей большой успех и известность, ее творчество хорошо знакомо в Туркменистане.

В беседе с нашим корреспондентом Хайфа Вахби подчеркнула, что ей очень понравился прекрасный город Ашхабад, его жители и надеется, что эта не последняя встреча с поклонниками ее таланта в Туркменистане.

Haýfa Wagfiniň gözelligi we zehini onuň dünýä ýüzünde ykrar edilmegine we meşhurlyk gazanmagyna mümkinçilik berdi.

Häzirki wagtda Haýfa diňe meşhur aýdymçy hökmünde däl, eýsem model, dizaýner we aktrisa hökmünde-de tanalýar. Gündogaryň ajaýyp gözeliniň Aşgabatdaky çykyşyny türkmen tomaşaçysy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylady. Zaldaky adamlaryň oňa uly üstünlik we meşhurlyk getiren aýdymlary Haýfa bilen bilelikde ýerine ýetirendigi bu zenanyň döredijiliginiň Türkmenistanda giňden bellidigini görkezýär.

Biziň habarçymyz bilen gürrüňdeş bolanda Haýfa Wagfi ajaýyp şäher Aşgabadyň we onuň ýaşaýjylarynyň göwnünden turandygyny, bu çykyşynyň türkmenistanly muşdaklary bilen iň soňky duşuşyk däldigine ynanasynyň gelýändigini nygtady.

Haýfa Wagfi «Türkmenportal»-yň ähli okyjylaryny ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlady. Bagt we berk jan saglyk arzuw etdi.

Konsertden alnan suratlaryň ählisini “fotoreportaž atly rubrikamyzda synlap bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň