Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitindäki çykyşy

23:1017.09.2021
0
8757

17-nji sentýabrda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow duşuşykda çykyş etdi. Türkmen Lideri öz çykyşynda şeýle belledi:

Hormatly jenap Başlyk!

Hormatly wekiliýetleriň Baştutanlary we agzalary!

Ilki bilen, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu mejlisiniň guramaçylaryna bu möhüm hem-de wekilçilikli duşuşyga hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çakylygy üçin minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň!

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti hormatly Emomali Rahmona myhmansöýerlik we mähirli garşylandygy, hoşniýetlilik hem-de sammitiň ýokary derejede guralandygy üçin minnetdarlyk bildirýärin.

Mejlise gatnaşyjylaryň ählisini bu guramanyň ýubileýi bilen tüýs ýürekden gutlamak isleýärin. Bu gurama geçen 20 ýylyň dowamynda dünýäde ykrarnama hem-de hormata eýe bolan, ählumumy syýasy we ykdysady ösüşiň barşyna, häsiýetine oňyn täsir edýän abraýly döwletara birleşmä öwrüldi.

Türkmenistan üçin ŞHG bilen gatnaşyklar biziň daşary gatnaşyklarymyzyň giň geografik we düzümleýin diwersifikasiýasyna ygrarlylyga esaslanýan halkara hyzmatdaşlyk strategiýasynyň möhüm ugrudyr. Biz Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň işine gyzyklanma we hormat goýmak bilen garaýarys, energetika hem-de ulag ulgamlarynda, söwda we maýa goýumlarda, senagatda, obasenagat toplumynda, ýokary tehnologiýalar, innowasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygymyzyň uly kuwwata eýedigine düşünýäris.

Bu gurama girýän ýurtlaryň Türkmenistanyň öňden gelýän däp bolan hyzmatdaşlary hem-de goňşulary we dostlary bolup durýandygy hem wajypdyr. Şoňa görä-de, biz ŞHG bilen gatnaşyklara ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösüşi hem-de özümiziň dünýä derejesindäki we kontinental işlere gatnaşygymyzyň umumy ugry bilen sazlaşykly arabaglanyşykda garaýarys.

Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň parahatçylygy, ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, häzirki döwrüň wehimlerine hem-de howplaryna garşy göreşmek meselelerindäki jogapkärli garaýyşlaryna ýokary baha berýär. Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň çäklerinde, biz bu möhüm wezipeleri çözmekde — ilki bilen, terrorçylyga, guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek, maglumat hem-de biologik howpsuzlygy üpjün etmek ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlyk ýaly ugurlarda ŞHG bilen işjeň gatnaşyklara taýýardyrys.

Bu gün, tutuş dünýäniň täze çylşyrymly wehimler bilen ýüzbe-ýüz bolan mahalynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň orny ýokarlanýar. Elbetde, bilelikdäki işiň däp bolan ulgamlaryndan başga-da, onuň mümkinçilikleri, toplan tejribesi pandemiýanyň täsirini azaltmak, kontinental ykdysady we ulag gatnaşyklaryny, düzümleri hem-de logistikany dikeltmek bilen baglanyşykly wezipeler babatda örän zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde 2022-nji ýylyň aprelinde Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatyny özünde guramagy meýilleşdirýändigini size habar bermek isleýärin. Oňa adatdan daşary şertlerde hem-de çökgünlikden soňky döwürde halkara ulag hyzmatdaşlygy meseleleri boýunça anyk we iş ýüzündäki gepleşikler üçin oňat mümkinçilik hökmünde garaýarys. Siziň döwletleriňizi bu möhüm halkara foruma gatnaşmaga çagyrýarys.

Koronawirusa garşy göreşmek barada aýdylanda bolsa, bu babatda Türkmenistanyň biziň döwletlerimiziň lukmançylyk bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmek hem-de yzygiderli gatnaşyk etmek ugrunda çykyş edýändigini bellemek gerek. Munuň üçin Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynda, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynda bilelikdäki işi işjeňleşdirmegi teklip edýäris.

Hususan-da, biziň ýurdumyz Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň koronawirusyň genomyny öwrenmek boýunça Ýörite maksatnamasyny; BSGG-niň ýiti öýken keseline garşy göreşmek boýunça köptaraplaýyn guralyny; BSGG-niň ýiti ýokanç keselleri bejermek we öňüni almak boýunça usulyýet merkezini; Epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa boýunça Merkezi Aziýa sebit merkezini döretmek başlangyjy bilen çykyş edýär. Bu başlangyçlaryň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan goldanylmagynyň olaryň tutuş dünýäniň bähbidine netijeli durmuşa geçirilmegine, şeýlelikde, howply ýokanç kesellere garşy göreşmek boýunça uzak möhletli geljek üçin täsirli we yzygiderli halkara gurallaryň ýola goýulmagyna ýardam etjekdigine ynanýarys.

Hormatly wekiliýetleriň Baştutanlary!

Biz ŞHG bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berýäris hem-de Merkezi Aziýa sebitini çalt depginler bilen ösdürmek, kontinental ähmiýetli möhüm ulag-logistik we ykdysady merkeze, Ýewraziýada durnuklylygyň hem-de hyzmatdaşlygyň ygtybarly merkezine öwürmek maksady bilen, onuň geljeginiň uludygyna ynanýarys. Şunuň bilen baglylykda, 2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenistanda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň jemleýji resminamasynda beýan edilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halkara başlangyçlarynyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň strategik maksatlaryna gabat gelýändigini bellemek isleýärin.

Biziň pikirimize görä, munuň özi geljekde bilelikdäki iş üçin uly giňişligi açýar. Şunuň bilen baglylykda, ŞHG-ä gatnaşyjy döwletler tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, sebit we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak” atly Kararnamasynyň taslamasynyň goldanylmagy möhüm ädim bolardy. Türkmenistan bu resminamany kabul etmek baradaky başlangyjy Baş Assambleýanyň 76-njy mejlisiniň barşynda öňe sürmegi göz öňünde tutýar.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Agza döwletleriň ählisi, synçylar hem-de ŞHG boýunça hyzmatdaşlar bilen Türkmenistany ysnyşykly taryhy gatnaşyklar, dostluga, hoşniýetli goňşuçylyga, deňhukuklylyga we birek-birege hormat goýmaga esaslanýan köpýyllyk hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şeýle häsiýetiniň aýdyň hem-de açyk ýörelgeler esasynda biziň özara ýakynlaşmagymyzyň, ähmiýetli we netijeli gepleşikleri ýola goýmagyň, hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny we usullaryny işläp taýýarlamaga geçmegiň goşmaça kuwwatly şerti bolup hyzmat edýändigine ynanýaryn.

Biziň ýurtlarymyzyň kuwwatly serişdeler we önümçilik binýadynyň bolmagy, olaryň geografik taýdan amatly ýerleşmegi, logistika düzüminiň okgunly ösmegi, toplanan tejribe hem-de hyzmatdaşlygyň, özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň däpleri hem muňa ýardam edýär.

Türkmenistan bilen ŞHG-niň arasynda köpugurly, yzygiderli, maksadalaýyk hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň ösüşe täze, kuwwatly itergi bermäge, tutuş Ýewraziýa giňişliginde syýasy, ykdysady, durmuş, ynsanperwer işleriň okgunly hem-de ýokary hilli bolmagyna ýardam etmäge ukyplydygyna ynanýaryn”.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň