Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan eksport bazaryndaky ornuny giňeldýär

16:1016.09.2021
0
1154

Şu ýylyň başyndan bäri Türkmenistanda öndürilen nah ýüplükleriniň 11 müň 29 tonnasy, ýagny 37 million 547 müň 290 ABŞ dollarlyk möçberi eksporta ugradyldy. Bu barada «Biznes Türkmenistan» metbugat habarlaryna salgylanyp ýazýar.

Habarda bellenilişi ýaly, ýurdumyzda öndürilýän nah ýüplügine Angliýa, Germaniýa, Italiýa, Türkiýe we başga-da birnäçe döwletler tarapyndan uly isleg bildirilýär.

Şeýle-de buýan köküniň we ondan alynýan dürli önümleriň eksporty ösýär. Şu ýylyň başyndan bäri buýan köküniň gury ekstraktynyň bahasy 3 million 783 müň 275 ABŞ dollaryna barabar bolan 672 tonnasy, guradylan arassalanylmadyk buýan köküniň we kök baldaklarynyň bahasy 30 müň 502 ABŞ dollaryna deň bolan 44 tonnasy daşary ýurtly telekeçiler tarapyndan uly isleg bilen satyn alyndy.

Mundan başga-da bu döwürde M500 görnüşli portland sementiniň 20 müň 63 tonnasy, ýagny 1 million 23 müň 349 ABŞ dollarlygy, pagta ýagynyň çökündisiniň distilirlenmedik çig ýagly turşulygynyň 972 tonnasy, ýagny 395 müň 763 ABŞ dollarlygy we başga-da birnäçe görnüşli önümler eksport edildi.

Türkmenistanda kaliý dökünlerini öndürmek boýunça eksport potensialyny ösdürmäge bolan mümkinçiliklerden hem ýerlikli peýdalanylyp başlandy diýip, habarda bellenilýär.

Ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň ösmegine hususy pudagyň wekilleri hem goşant goşýarlar. “Altyn saraý”, “Döwrebap çözgüt”, “Altyn bürgüt”, “Mizemez gadam” ýaly hususy kärhanalaryň önümleri daşary ýurt bazarlarynda hem bäsdeşlige ukyplydygyny görkezýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň