Türkmenistanyň Prezidenti hökümete dahylsyz halkara täjirçilik arbitraž kazyýetleriniň döredilmegini zerurlyk hasaplaýar. Bu barada milletiň Lideri adalat ministri Begmyrat Muhammedow bilen bolan iş maslahatynda aýtdy.
Halkara tejribede içerki we daşarky maýa goýujylar üçin özüne çekiji ýagdaý bolan hökümete dahylsyz halkara täjirçilik arbitraž kazyýetleriniň döredilmegi üçin Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýanynda Halkara täjirçilik arbitraž merkezini döretmek boýunça işler esasy ugurlaryň hatarynda görkezildi.