«Gerekli» internet platformasy täze ýokary derejeli aksiýalary yglan edýär

14:3415.09.2021
0
4852

«Gerekli» internet platformasy täze ýokary derejeli aksiýalary yglan edýär. Bu internet dükanynda söwda eden müşderilere täze satyn alan enjamynyň ýany bilen, ýene bir täze enjam sowgat hökmünde berilýär. Mysal üçin:

• «Samsung QLED 8K» telewizoryny satyn alanyňyzda simsiz «Samsung Jet 75 Pet» tozan sorujy sowgat hökmünde berilýär;
• «Samsung The Frame» ýa-da «Samsung The Sero» telewizoryny satyn alanyňyzda «Soundbar Samsung HW-T530» ses paneli sowgat hökmünde berilýär;
• «Samsung Galaxy A32 telefonyny satyn alanyňyzda ykjam «Powerbank güýçlendirijisi sowgat hökmünde berilýär;
• «Realme C25» telefonyny satyn alanyňyzda «Gerekli» web sahypasynda islendik önümi satyn almak üçin 400 manat möçberindäki pul serişdesi sowgat hökmünde berilýär;

Aksiýa 2021-nji ýylyň 31-nji oktýabryna çenli dowam edýär.

«Gerekli» internet dükanynyň «Samsung» kompaniýasynyň täze flagmanlaryny – «Galaxy Z Fold3» we «Galaxy Z Flip3» smartfonlaryny öňünden sargyt etmäge mümkinçilik berýändigini ýadyňyzdan çykarmaň. Öňünden sargyt etmek mümkinçiligi 17-nji sentýabra çenli elýeterlidir. Smartfonlaryň sanynyň çäklidigini bellemelidiris.

Bu gün çarşenbe güni – «Gerekli gün». Bu köp mukdarda arzanladylan harytlary satyn alyp bilersiňiz.

«Gerekli» internet dükanynyň baha kepilligi syýasaty bar, şonuň üçin-de bu onlaýn dükan elektronika we durmuş enjamlary, öý we kanselýariýa önümleri, gözellik we saglyk önümleri, egin-eşik we esbaplar, şeýle hem çagalar we haýwanlar üçin niýetlenilen harytlar babatda amatly bahalary kepillendirýär.

«Gerekli» onlaýn söwda meýdançasyndan satyn alnan harydyň tölegi nagt we nagt däl görnüşinde tölenilip bilner. Bu internet dükan Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary 200 manatlyk haryt sargyt eden ýagdaýynda, eltip berme hyzmatyny mugt ýerine ýetirýär. «Gerekli» onlaýn söwda meýdançasynyň eltip berme hyzmaty ýurdumyzyň ähli sebitleri üçinde elýeterlidir.


Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň