Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 2022-nji ýylda aýlyk haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň ortaça 10 göterim köpeldilmegi göz öňünde tutulýar

23:4610.09.2021
0
19479

10-njy sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet býujeti boýunça teklipleri taýýarlamagy we ony Ministrler Kabinetiniň garamagyna bermegi tabşyrdy. Baş maliýe meýilnamasynyň taslamasynda geljek ýylda aýlyk haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň ortaça 10 göterim köpeldilmegi göz öňünde tutulmalydyr.

Türkmen Lideri ykdysadyýetimiziň ýagdaýyny seljermegi dowam etmek hem-de emele gelýän ýagdaýlardan ugur alyp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň garaşylýan netijelerini anyk kesgitlemek barada wise-premýer Serdar Berdimuhamedowa degişli tabşyryklary berip, döwletimizi ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyny belledi. Munuň özi dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýaramaz ýagdaýlaryň ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýetirýän täsirini gysga we orta möhletde azaltmaga mümkinçilik berer.

Döwlet býujetiniň girdejilerini artdyrmak üçin zerur çäreleri görmek, kabul edilen maksatnamalary maliýeleşdirmegiň goşmaça çeşmelerini gözlemek öňde durýan işleriň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň