Top.Mail.Ru

Hindistandan Gyrgyzystana iberilen ýük Türkmenistanyň üstünden geçiriler

17:2408.09.2021
0
9895

Hindistan bilen Gyrgyzystanyň arasynda täze söwda ugrunyň ýola goýulýandygy barada Gyrgyzystanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Prezidenti Danil Ibraýew gürrüň berdi.

Hindi harytlary Eýranyň Bender-Abbas portuna getiriler, ol ýerde demir ýoluň üsti bilen Türkmenistanyň Sarahs bekedine, ondan soň Özbegistanyň üsti bilen Oş şäherine çenli eltiler. Bender-Abbasdan Oşa çenli umumy aralyk 300 kilometre barabar. Ony geçmek üçin 10 güne çenli wagt gerek bolar.

Hindistandan söwda ugruny düzmek üçin Gyrgyzystanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Eýranyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň demir ýol operatorlary bilen gepleşikleri geçirdi.

Danil Ibraýew: «Biz Eýranyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň demir ýollarynyň Oşa çenli ýük getirmek üçin edýän tagallalaryny birikdirýäris» diýip belledi.

Bu ugur, «biziň pikirimizçe, bäsdeşlige ukyply bahalar (tarifler) boýunça» wagonlaryň synag üçin geçmegi üçin bir aýyň dowamynda taýýar bolmaly, diýip ol aýdanlarynyň üstüne goşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň