Täze stansiýanyň gurulmagy bilen Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň ozalky kuwwatlylygy üç esseden hem köpräk artdy

17:3506.09.2021
0
334
Täze stansiýanyň gurulmagy bilen Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň ozalky kuwwatlylygy üç esseden hem köpräk artdy

Çärjew etrabynda täze gaz turbinalary elektrik bekedi işe girizileninden soň «Lebap» döwlet gaz turbinaly elektrik bekediniň kuwwatlylygy 581,2 megawata çenli artdy.

Şol güne çenli onuň kuwwatlylygy 149,2 megawata barabardy. Bu babatda birinjiligi Döwletli etrabynyň çäginde ýerleşýän 254 megawat kuwwatlylykly «Watan» elektrik bekedi eýeleýärdi. Seýdiniň ýylylyk elektrik merkezi 2004-nji ýylda ikinji blogy oturdanlaryndan soň 160 megawat energiýa berýär.

Bu maglumatlar Lebap welaýatynyň Merkezi Aziýada kuwwatly energetiki sebite öwrülendiginden habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň