Soňky habarlar

Arhiw

Dietologlar güýzde nähili iýmitlenmelidigi barada maslahatlary berýärler

18:5905.09.2021
0
6359

Güýz paslynda iýmitlenmegiň öz aýratynlyklary bar. Rus diýetologlary immuniteti güýçlendirmek üçin güýzki iýmite nähili üýtgeşmeleri girizmelidigini maslahat berdiler.

Ilki bilen sitrus miwelerini iýmeli, sebäbi olaryň düzümindäki efir ýaglary keýpiňi ýokarlandyrýar we bedeni kadalaşdyrýar. Şeýle hem, saglyk üçin peýdaly ýaglary ýatdan çykarmaň. Olar hozuň, zeýtun ýagynyň, awokadonyň we ýagly balyklaryň düzüminde bardyr.

Lukmanlar iýmite möwsümleýin gök önümleri, kömelekleri, kädi, gök, şalgam, şugundyr, kelem goşmagy maslahat berýärler, sebäbi olarda bedende zerur bolan ähli witaminler we minerallar bar.

Şeýle hem, isleseňiz, iýmitiňize birnäçe antioksidantlary we fitonitrientleri öz içine alýan zynjyr, sarymsak, darçyn ýaly adaty güýz ýakymly yslaryny goşup bilersiňiz diýip, «russian.rt.com» ýazýar.

Habarda aýdylanlary lukmanyň görkezmesi bilen deňeşdirip bolmaz. Şonuň üçin belli bir karara gelmezden ozal hünärmen bilen maslahatlaşyň.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň