Soňky habarlar

Arhiw

«Computer Plus» kompaniýasy işewürlik işini we onlaýn söwdany döwrebap usullarda ösdürmäge goldaw berýär

15:0702.09.2021
0
4637

Häzirki wagtdaky telekeçilik işi kompýuter tehnologiýasy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Firmalar, kompaniýalar, kärhanalar öz web sahypalaryny, onlaýn dükanlary, şeýle hem dürli hyzmatlaryň nyrhyny uzakdan tölemek üçin platformalary açyp, meşhurlyk gazandy.

Ofislerde önümçilik iş kagyzlary kem-kemden sanly görnüşe geçýär, hasapçylaryň, ammar işgärleriniň, kafeleriň we restoranlaryň işini ýeňilleşdirmek üçin programma üpjünçiligi girizilýär.

Telekeçileriň köpüsi diňe bir döwrüň ösüşini synlamaklyk bilen çäklenmän, eýsem öz işlerini mümkin boldugyça döwrebap derejede öndürijilikli ýola goýmaklyk üçin sanly ulgamdan baş çykarýan hünärmenleriň kömegine bil baglamaga mejbur bolýarlar.

«Computer Plus» bu hili hyzmatlary berýän kompaniýalardan biridir. bu kompaniýanyň hünärmenleriniň iş mümkinçilikleriniň sanawy diňe bir ugrukdyryjy we çylşyrymly programma üpjünçiligini döretmek bilen çäklenmän, web sahypalaryny döretmegi, torlary gurmagy we islendik kompýuter enjamlaryny abatlamagy hem öz içine alýar.

«Computer Plus» kompaniýasynyň hünärmenleri öz müşderileriniň haýyşy boýunça islendik çylşyrymly saýtlary – iň ýönekeý saýtlardan saýtlardan başlap, doly göwrümli onlaýn dükanlara ýa-da maglumat portallaryna, şeýle hem korporatiw saýtlara, katalog saýtlaryna, mahabat saýtlaryna (belli bir markany, hyzmaty ýa-da kompaniýany maksatly mahabatlandyrmak üçin) çenli döredýärler. Mundan başga hem, «Computer Plus» kompaniýasy islendik maksat we taslama üçin programma üpjünçiligini döredýär, buhgalteriýa programmalaryny («info-buhgalter»), işgärler bölümlerini, ammarlary, kafeleri we restoranlary goşmak bilen maglumat ulgamlaryny ornaşdyrmak we goldamak üçin hyzmatlar berýär, şeýle-de işgärleri taýýarlamagy gurnaýar.

«Computer Plus» kompaniýasy belli bir markany ýa-da önümi mahabatlandyrmaga kömek edýär. Işewürlik taslamalary üçin dizaýny ýa-da markany ösdürmek, logotipleri döretmek, korporatiw şahsyýet – bularyň hemmesi «Computer Plus» kompaniýasynyň hyzmatlarynyň çägine girýär.

Markany ösdürmek işi logotipleriň, korporatiw reňkleriň we harp görnüşleriniň dizaýnyny mazaly pikirlenip, şereketiň resmi iş kagyzlaryny döretmegi öz içine alýar.

SEO mahabaty we hyzmaty «Computer Plus» kompaniýasynyň işiniň bir bölegidir. SEO gözleg ulgamlarynda web sahypany ilkinji orunda getirmäge mümkinçilik berýär, bu ýagdaý bolsa görüjüleriň sanynyň köpelmegine goşant goşýar.

«Computer Plus» kompaniýasynyň hünärmenleri ýerli we simsiz torlary gurmak we islendik kompýuter enjamlaryny olara birikdirmek, printerleri ýerli torlara birikdirmek, «Windows Server» gurmak we düzmek, routerleri gurmak we ş.m. hyzmatlary hödürleýär.

Kompýuter enjamlaryny abatlamak, islendik ygtyýarly programma üpjünçiligini gurmak «Computer Plus» kompaniýasy tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň sanawyna girýär.

«Computer Plus» kompaniýasy şu wagta çenli ýüzden gowrak taslamany durmuşa geçirdi. Durmuşa geçirilen bu taslamalaryň arasynda A-katalog onlaýn sowgatlar we ýadygärlik sowgatlary internet dükany, aysell.com.tm söwda platformasy, Şypaly Çomuç we Lälezar dermanhanalarynyň web sahypalary, Ýaşlyk saglyk merkeziniň web sahypasy, Ýewropanyň iň uly markalarynyň kosmetika önümlerini satýan kompaniýalaryň eurocosmetics.tm atly onlaýn söwda platformasy we beýleki guramalaryň hem firmalaryň web sahyplary bar.

«Computer Plus» kompaniýasy has uly taslamalara ýerine ýetirmegi we IT tehnologiýalary nukdaýnazaryndan işewürligiň täze ugurlaryny özleşdirmegi meýilleşdirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň