Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini ýurduň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady

11:4301.09.2021
0
4762

Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe we ähli doganlyk özbek halkyna Özbegistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň parasatly ýolbaşçylygynda häzirki döwürde durmuşyň ähli ugurlarynda öňe gitmek we gülläp ösmek ýoly bilen ynamly barýandygyny belleýär. Gutlagda goňşy ýurduň bu şanly güni durmuş-ykdysady ösüşde, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda we halkara giňişlikdäki abraýyny berkitmekde uly üstünlikler bilen garşy alýandygy nygtalýar.

Milli Liderimiz häzirki wagtda hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege goldaw bermek esasynda ýola goýulýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň sazlaşykly we okgunly häsiýete eýedigini hem-de özara ynanyşmak, deňhukuklylyk, açyklyk ýörelgelerine esaslanýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

“Men “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde ýaňy-ýakynda bolan duşuşygymyzy örän ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Şol duşuşygyň dowamynda ýurtlarymyzyň arasyndaky köpugurly özara gatnaşyklaryň gyşarnyksyz giňeldilmegine hem-de pugtalandyrylmagyna taraplaryň ygrarlydygy we gyzyklanma bildirýändigi ýene-de bir gezek tassyklanyldy” diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda belleýär hem-de strategik häsiýete eýe bolan türkmen-özbek doganlyk gatnaşyklarynyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde, mundan beýläk-de iki halkyň abadançylygynyň bähbidine ösdüriljekdigine we çuňlaşdyryljakdygyna pugta ynam bildirdi.

Bu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, milli Liderimiz Prezident Şawkat Mirziýoýewe berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de abadançylyk, Özbegistan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de parahatçylyk, gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň