Soňky habarlar

Arhiw

IKEA ABŞ-da köne mebelleri satyn alýar

17:1331.08.2021
0
3571

IKEA mundan beýläk satmak üçin Pensilwaniýa ştatynda (ABŞ) ulanylýan mebeller üçin satyn almak hyzmatyny başlady. Ulanylan mebeller seresaplylyk bilen As-Is bölüminde ýerleşdiriler.

Mebelleri yzyna satmak üçin ýerli ýaşaýjylarda «IKEA Maşgala karty» bolmaly, degişli resminamalary dolduryp, mebelleri dükana tabşyrmaly.

Köne mebel satmakdan alnan girdeji öndürijiden täze mebel satyn almak üçin sarp edilip bilner.

IKEA geljekde beýleki ştatlarda hem şuňa meňzeş taslamany durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär diýip, «Daily.afisha.ru» habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň