AFK-nyň kubogy ― 2021: «Ahal» «Bunýodkoryň» stadionynda türgenleşdi

22:4723.08.2021
0
1260

AFK-nyň kubogy ― 2021-iň sebitleýin finalyna gatnaşmak üçin ýakynda Özbegistana giden «Ahal» futbol topary şol günden bäri türgenleşiklerini Daşkent şäherinde alyp bardy.

«Sport Media» neşiriniň habaryna görä, «Ahal» «Bunýodkor» stadionynda türgenleşdi. Şu gün bolsa Daşkentdäki türgenleşikler tamamlanyp, topar «Nasaf» bilen boljak duşuşygyň geçiriljek ýerine ― Kaşgaderýa welaýatynyň Karşy şäherine gitdi.

«Ahal» bilen «Nasafyň» arasyndaky sebitleýin final duşuşygy 25-nji awgustda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň