Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmen-Tranzit» hojalyk jemgyýeti «Türkmenistanyň 3D syýahatçylygy» atly täze taslamasynyň üstünde işläp başlady

18:1723.08.2021
0
11968

Türkmenistanda IT hyzmatlary bilen üpjün ediji iň iri kompaniýalaryň biri bolan «Türkmen-Tranzit» hojalyk jemgyýeti «Türkmenistanyň 3D syýahatçylygy» atly täze taslamasynyň üstünde işläp başlady.

Ýurdumyzyň iri IT kompaniýasy öz işinde döwlet Baştutanymyz tarapyndan tassyklanylan «Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» esaslanýar.«Türkmen-Tranzit» hojalyk jemgyýetiniň «Türkmenistanyň 3D syýahatçylygy» atly täze sanly taslamasy, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanýar.

TSTB-niň 3D wirtual sergisinde uly göwrümli taslamalary bilen tanalan «Türkmen-Tranzit» hojalyk jemgyýetiniň 3D bölüminiň topary Gurban Sähetmyradowyň ýolbaşçylygynda «Türkmenistanyň 3D syýahatçylygy» atly täze taslamanyň üstünde işläp başlady.

«Türkmenistanyň 3D syýahatçylygy» taslamasyny işläp düzüji topar türkmen halkynyň hanlarynyň, serdarlarynyň we gahrymanlarynyň heýkellerini 3D režiminde taýýarlar.

Innowasiýa tehnologiýalarynyň kömegi bilen programmany ulanyjy ýurdumuzyň binagärlik ýadygärliklerine we gözel ýerlerine, 3600-den gowrak obýektiň panoramasyna has ýakyndan göz aýlap biler. 3D modelleri döretmek meselesine baglanyşykda seredip bolýar.

«Türkmenistanyň 3D syýahatçylygy» atly täze taslamanyň özboluşlylygy, häzirki wagtda programma ulanyjylarynyň öýlerinden çykman, Watanymyzyň iň ajaýyp ýerlerine gaýybana syýahata baryp, ýurdumyzyň täsin tebigy gözellikleri bilen tanşyp biljekdiginden we häzirki zaman binagärlik döredijiligine haýran galyp, wirtual syýahatdan ýatdan çykmajak duýgulara we täsirlere sezewar boljakdygyndan ybaratdyr.

«Türkmenistanyň 3D syýahatçylygy» taslamasy Türkmenistanda syýahatçylyk pudagynyň mundan beýläk-de ösmegine goşant goşar.

Mundan ozal, «Türkmen-Tranzit» hojalyk jemgyýetiniň onlaýn okuw gollanmasy görnüşinde ilkinji aň-bilim «TT Bilim» platformasyny mugt işe girizendigini habar beripdik. Bu platforma peýdaly maglumatlary öz içine alýar: kitaplar, onlarça derslerden okuw gollanmalary, hukuk maglumatlary we ş.m.

«Türkmen-Tranzit» hojalyk jemgyýetiniň «Check Point», «Symantec», «Penta Security», «Fortient», «Cisco» ýaly meşhur kiberhowpsuzlyk çözgütlerini dörediji kompaniýalar bilen, şeýle hem «IT–specialist» kompaniýasy bilen resmi hyzmatdaşydygyny aýratyn bellemelidiris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň