Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň 15-nji maslahaty 28-nji awgustda geçiriler. Bu barada «Watan» habarlar gepleşigi habar berdi.
Milletiň Lideriniň şu gün sanly ulgam arkaly geçiren mejlisi başlanmazdan öň, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada maglumat berdi.
Döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň dürli ulgamlaryny öz içine alýan täze kanunlaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak hem-de ozal hereket edýän kanunçylyk namalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam edýär. Işlenip taýýarlanylan hukuk resminamalaryny ara alyp maslahatlaşmak hem-de kabul etmek üçin Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň 15-nji maslahatyny 2021-nji ýylyň 28-nji awgustynda geçirmek meýilleşdirildi.