Şu gün Sankt-Peterburg şäherinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan köpçülikleýin weloýöriş geçirildi. Bu barada «Sankt-Peterburg» teleýaýlymy habar berýär.
Köpçülikleýiin sport çäresini dünýä türkmenleriniň şu şäherde hereket edýän «Mekan» türkmen medeniýeti guramasy gurady. Oňa şäheriň ýaşaýjylary bilen birlikde türkmenistanly talyplar hem gatnaşdy.
Murin seýilgähindäki weloýörişe gatnaşyjylar 3 kilometr aralygy geçdiler.