Täze Zelandiýadaky çäklendirmeler güýçlendirilýär

17:3617.08.2021
0
4051

Koronawirus ýokançlygynyň täze tolkunynyň ýaýramagy bilen baglanyşykly Täze Zelandiýanyň hökümeti santitariýa çärelerini ýene-de güýçlendirdi.

Ýurduň premýer-ministri Jasinda Arderniň pikiriçe, tutuş ýurt boýunça üç günläp berk çäklendirmeler bolar. Oklenddäki çäklendirmeler bolsa ýedi güne çenli dowam eder.

«Finans.rambler.ru»-nyň habar bermegine görä, bu döwürde şäheriň ähli kärhanalary we edaralary ýapylar, okuwlar uzak aralykdan geçiriler we şäheriň ýaşaýjylaryna öýde galmak we diňe zerur bolan halatynda daşary çykmak maslahat berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň