Soňky habarlar

Arhiw

Ýokary liganyň ýaşlar düzümleriniň arasynda 14-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler

09:1810.05.2024
0
5463

Şu gün ― 10-njy maýda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasyna wekilçilik edýän toparlaryň ýaşlar düzümleriniň arasynda 14-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler.

Aşgabat, Türkmenbaşy, Mary şäherlerinde we Gökdepe etrabynda geçiriljek duşuşyklarda «Altyn asyryň» ýaşlary «Ahalyň» ikinji düzümini, «Şagadam ― 2» «Köpetdag ― 2»-ni, «Merwiň» ýaşlary «Energetigiň» ýaşlaryny, «Arkadag» toparynyň ýaşlary bolsa «Aşgabat ― 2»-ni kabul eder.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy duşuşyklaryň geçiriljek ýeri we başlanjak wagtlary barada aşakdaky maglumatlary berýär:

“Altyn Asyr II” – “Ahal II”

Geçirilýän ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Aşgabat ş. Büzmeýin etr.)

Başlanýan wagty: 17:00

“Şagadam II” – “Köpetdag II”

Geçirilýän ýeri: “Şagadam” (Türkmenbaşy ş.)

Başlanýan wagty: 11:30

“Merw II” – “Energetik II”

Geçirilýän ýeri: “Sport toplumy” (Mary ş.)

Başlanýan wagty: 16:00

“Arkadag II” – “Aşgabat II”

Geçirilýän ýeri: “Sport desga” (Ahal wel. Gökdepe etr. Babarap geňeşligi)

Başlanýan wagty: 17:30.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň