Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen maslahat geçirdi

23:5211.08.2021
0
8036

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, degişli gulluklaryň işine häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna hasabat berdiler. Aýratyn-da, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe taýýarlyk barada aýdyldy.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, ýurdumyzda kanunçylygy we hukuk tertibini berjaý etmek, Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine laýyklykda, parahatçylyk söýüjilik syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabatlarda aýdyldy.

Döwlet Baştutany ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň ähli düzümleriniň harby gullukçylarynyň şöhratly pederlerimiziň gahrymançylykly ýoluny mynasyp dowam etdirmekleri, olaryň watansöýüjilik ruhunyň belende galmagy ugrunda zerur tagallalary etmekleri babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çäreleriniň, aýratyn-da, dabaraly harby ýörişiň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegine möhüm üns berilmelidir. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy düzümlere degişli binalar we desgalar toplumlarynyň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutany harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna alyp barýan jogapkärli işlerinde üstünlik arzuw etdi we maslahaty jemledi. Şeýle hem milli Liderimiz Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýazgy galdyrdy. Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Döwlet serhet gullugy üçin täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň