Soňky habarlar

Arhiw

Si Szinpin: «Hytaý-türkmen hyzmatdaşlygy iň gowy döwri başdan geçirýär»

08:0810.08.2021
0
9648

Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Baş sekretary, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin türkmen Lideriniň adyna hat ýollady. Onda şeýle diýilýär:

— Size Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň döredilmeginiň 100 ýyllygy mynasybetli iberen gutlagyňyz üçin tüýs ýürekden hoşallygymy beýan edýärin.

Bu gün hytaý-türkmen strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösüşi öz taryhynda iň gowy döwri başdan geçirýär. Biziň ýurtlarymyz koronawirus ýokanjy zerarly ýüze çykan kynçylyklary bile ýeňip geçdiler hem-de birek-birege goldaw berdiler.

“Bir guşak, bir ýol” başlangyjyny bilelikde durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlyk depginli ösdürildi. Dünýädäki çylşyrymly ýagdaýa garamazdan, ýokary netijeler gazanyldy, bu bolsa iki ýurduň halklarynyň abadançylygyny üpjün edýär. Soňky ýyllarda HKP Türkmenistanyň syýasy partiýalary bilen dürli görnüşde ýakyn gatnaşyklary saklaýar.

Hytaýyň we Türkmenistanyň partiýalarynyň biziň gazanan möhüm ylalaşyklarymyzy işjeň durmuşa geçirmekde bilelikdäki tagallalary dowam etdirjekdiklerine, ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge parasatlylyk bilen ýardam berjekdiklerine umyt edýärin.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň