«Farap» şypahanasy gysga wagtlyk arakesmeden soň raýatlary kabul edip başlady

11:1509.08.2021
0
17946

Şu gün, 9-njy awgustdan «Farap» şypahanasy saglygyny berkitmek isleýän raýatlarymyzy ýene-de kabul edip başlady.

Bu ýerde wagtlaýyn bejeriş-abatlaýyş we öňüni alyş çäreleri geçirildi. Şol çäreleriň çäginde şypahanalardan talap edilýän arassaçylyk we sanitariýa düzgünleriniň ählisi berjaý edildi.

Häzirlikçe, şypahana diňe Lebap welaýatynyň raýatlaryny kabul edýär. Saglygyny berkitmäge gelýän raýatlarymyzdan COVID ― 19 pandemiýasyna garşy sanjymyň geçirilendigi baradaky kepilnama talap ediler. Şeýle hem raýat ýany bilen:

― degişli Saglyk öýünden şypahana kartasyny, COVID ― 19 barlagynyň soňky 72 sagatdaky netijesini alyp gelmeli.

Şeýle hem şypahana gelmezden ozal +993 422 31233 belgili telefona jaň edip ýer belletmelidigi ýatladylýar. Çünki dowam edýän çäklendirmelere laýyklykda, şypahana kabul edilýän adamlaryň sany çäklidir. Ýüze çykan sowallar üçin hem şol belgi bilen habarlaşyp bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň