Soňky habarlar

Arhiw

Žan-Klod Wan Dammly uruşganly film görlen sany boýunça Netflix-de ilkinji 5-lige girdi

19:5107.08.2021
0
6690

Netflix striming hyzmaty Žan-Klod Wan Dammyň baş keşbi janlandyrmagynda “Iň soňky hakyna tutma” uruşganly komediýasyny çykardy. Bu film striming hyzmatynyň öz reýtinginde birinji ýeri eýeledi diýip, newinform.com habar berdi.

Filme Dawid Şaron režissýorlyk etdi. Film Netflix-e görä ABŞ, Fransiýa, Germaniýa, Russiýa ýaly ýurtlarda has meşhur boldy.

Filmde gizlin gullugyň pensiýadaky öňki agenti barada gürrüň berilýär. Ol özüniň bikanun ýarag we neşe satmakda günäkärlenýän ogly üçin asuda durmuşyndan ýüz öwürmeli bolýar.

Baş gahrymanyň keşbini ýerine ýetiren Wan Damm gyzykly wakanyň, ekşeniň we ýumoryň gowy sazlaşýandygy üçin filmi üstünlikli hasaplaýar. Tankytçylar bolsa filmi "nostalgiki ekşen" diýip hasap etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň